Türkmenistanyň prezidenti we BMG-niň baş sekretary 4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda duşuşyk geçirdiler.
TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana baran Antoniu Guterriş Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda, hususan-da ýygnagy geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere minnetdarlyk bildiripdir.
5-nji awgustda Antoniu Guterriş konferensiýanyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.
BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 4–8-nji awgust aralygynda Awazada geçirilýär.
Türkmen häkimiýetleri «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçirýän bu çärä taýýarlanyp, Türkmenbaşynyň ýaşaýjylaryna agşam öýlerinden çykmagy, günüň dowamynda dükanlaryň we banklaryň öňünde nobatda durmagy, köçede köne ulaglaryny sürmegi we dilegçilik etmegi gadagan edildi. Awazanyň myhmanhanalarynda dynç alýan raýatlar çykaryldy.
BMG-niň agzasy bolan Türkmenistan adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny bozmakda tankyt edilip gelýär. Halkara guramalary ýurtda raýatlaryň kanuny haklarynyň we raýat azatlyklarynyň häkimiýetler tarapyndan eden-etdilikli gödek depelenmegi barada BMG-ä yzygiderli hasabat berýärler.