Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa orta we gysga aralyga niýetlenen raketalary ýerleşdirmäge taýýarlyk bildirdi


ABŞ, "Iskander" toplumynyň görnüşlerinden biri (suratda) eýýäm şertnamany bozýar diýip hasaplaýar.
ABŞ, "Iskander" toplumynyň görnüşlerinden biri (suratda) eýýäm şertnamany bozýar diýip hasaplaýar.

Moskwa orta we gysga aralyga niýetlenen raketalary ýerleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Ýaragyň bu görnüşi, 1987-nji ýylda gol çekilen şertnama bilen 2019-njy ýyla çenli çäklendirilipdi. Soňra ABŞ Russiýanyň "Iskander" raketa ulgamlary üçin raketalaryň biriniň şertnamanyň şertlerini bozandygyny mälim edip, şertnamadan çykýandygyny yglan etdi.

Mundan ozal Kreml şertnamada gadagan edilen täze raketalary öndürýändigini mälim edipdi.

Russiýa, ýakyn wagtda Germaniýada amerikan raketalarynyň ýerleşdirilmegine jogap berýändigini aýtdy. Berlin öz gezeginde raketalary ruslaryň Ukraina çozmagy bilen baglanyşdyryp, Russiýany saklamagyň serişdesi diýip atlandyrdy.

  • Orta we gysga aralyga niýetlenen raketalar 500 we 5500 kilometre çenli aralygy geçip bilýän we adatça ýadro ýaragyny göterip bilýän ýerüsti ballistik we ganatly raketalarydyr. Şeýle raketalaryň nyşanalaryna ýakynlygy we gysga uçuş wagty hüjüm edilen tarapyň duşmanyň ýadro zarbasyna jogap bermeginiň öňüni alyp bilýär diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG