Türkmenabadyň hassahanalaryna düşýän kesel çagalaryň sany köpelýär. Munuň bir wagtda ýerli dermanhanalarda däri-dermanlaryň we antibakterial serişdeleriň bahalary birden iki esseden gowrak ýokalandy.
Lebap welaýatynda ýiti ýokanç keselleri bilen keselleýän çagalaryň sanynyň köpelýändigi hakynda welaýatyň saglyk edaralaryndaky çeşmeler Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Lukmanlaryň sözlerine görä çagalaryň aglabasy salmonelýoz we paratif kesellerine ýolugan.
Degişli maglumat Günbatar welaýatda tomsuň yssysynda dümew ýaýraýar“Adatça iýul aýynda, şäheriň çägindäki aryklara we ýaplara suwa düşýänler, ýiti ýokanç keselleri bilen keselleýärler. Emma iýul aýynyň 12-nden başlap, hassahanada hassa çagalaryň sany görülip eşidilmedik derejä ýetdi. Welaýatyň sanitar gigiýenik bölümi ýaplarda Salmonella bakteriýalarynyň ýokary konsentrasiýasynyň anyklanandygyny aýtdy” diýip, lukmanlaryň biri aýtdy.
Çeşmeleriň sözlerine görä, şäheriň birnäçe hassahanasynda we Lebap welaýatynyň ýokanç keselleri bejerýän hassahanasynda hassa çagalaryň sanynyň köplügi sebäpli, otaglarda ýer ýetmezçilik edýär.
Derman gymmatlaýar
Çagalaryň köpçülikleýin kesellemeginiň fonunda, şäheriň çägindäki dermanhanalarda nobatlaryň sany artýar. Dermanhana işgärleri bakterial infeksiýalara garşy niýetlenen serişdelere "Azetromisin", "Siftriakson" we "Siproflaksosin" ýaly antibiotik dermanlara islegiň birden köpelendigini gürrüň berdiler.
Ýerli dermanhanalarda antibiotikleriň bahasy 150% gymmatlapdyr.
“Şäheriň dermanhanasynda iki hepdeden bäri uly nobatlar bar. Bir ampulasy 20 manat bolan 'Azetromisiniň' bahasy iki hepdäniň içinde 50 manada gymmatlady. Bu zatlary kontrol edýän gurama ýokmyka?” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy nägile bolýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan saglyk işgäri, Salmonella bakteriýasynyň döredýän hassalyklarynyň Türkmenistan üçin mahsusdygyny aýdýar.
“Paratif we Salmonelýoz klimaty yssy bolan ýurtlara mahsus kesel hasaplanýar. Ol adatça hapa, ýata suwdan, hapa iýmitden, eli hapa bolan adamdan salamlaşanda adamdan adama geçip bilýär. Bu kesel lukmanlar tarapyndan ýazylan ýörite antibakterial-antibiotik dermanlar bilen bejerilýär" diýip, türkmenabatly lukman aýdýar.
Degişli maglumat Balkanabadyň inçekeseller hassahanasynda medisina serişdeleri, dermanlar ýetmezçilik edýärAzatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan saglyk işgärleri hassalara berilýän bejerginiň hiliniň erbet bolan ýa-da bejergi berilmedik ýagdaýynda, bu kesel ýagdaýlaryň 10-15%-de ölüme eltip bilýär diýip, düşündiriş berdiler.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň saglyk edaralaryndan resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 23-nji iýulda çap eden habaryna görä, Türkmenabadyň Derýaçylar etrapçasynda ýerleşýän il arasynda “zaton” diýilip tanalýan Amyderýanyň akabysynda suwa düşmezlik hakynda welaýatyň sanitar-arassaçylyk bölümi tarapyndan duýduryş ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanda ýokanç keselleriň resmi statistikasy çap edilmeýär. Soňky ýyllarda ýurtda sarygetirme, gyzamyk we içgeçme ýaly ýokanç keselleriň tutaşmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi boldy. Döwlet mediasy bu barada habar bermeýän wagtynda, Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz media serişdeleriniň çap eden habarlaryna türkmen resmileri tarapyndan hiç hili reaksiýa görkezilmedi.
Degişli maglumat Aşgabatda çagalaryň arasynda gyzamyk ýaýraýar, sanjym çäreleri batlanýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.