Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň NATO bilen aradaky ýarag ylalaşygy Ukrainany şonda-da gümürtik halda goýýar


ABŞ prezidenti Donald Tramp Ak tamda NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte (çepde) bilen duşuşýar. 14-nji iýul, 2025 ý. Waşington. ABŞ
ABŞ prezidenti Donald Tramp Ak tamda NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte (çepde) bilen duşuşýar. 14-nji iýul, 2025 ý. Waşington. ABŞ

Iýul aýynda ýewropaly NATO ýaranlarynyň Ukraina üçin amerikan ýaraglaryny, şol sanda “Patriot” raketalaryny satyn almagy boýunça ylalaşyga baryldy. Germaniýa ýaňy-ýakynda iki sany “Patriot” ulgamynyň gysga wagtda Kiýewe ugradyljakdygyny yglan eden-de bolsa, bu ylalaşygyň öňümizdäki aýlarda Ukrainany zerur ýaraglar bilen hakykatdan-da üpjün edip biljekdigi sorag astynda galýar.

ABŞ prezidenti Donald Tramp we NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte tarapyndan 14-nji iýulda Waşingtonda yglan edilen ylalaşyk, aslynda, günbatarly ýaranlar üçin üç ýyl ozal Ukrainada giň gerimli çozuş başlanaly bäri ýola goýlan adaty tejribäniň dowamy bolup durýar: ýewropalylar özlerinde ozal bar bolan harby enjamlary Kiýewe iberip, öz ýarag ammarlarynyň üstüni täze ýaraglar bilen, esasan amerikan ýaraglary bilen doldurýardy.

Ýöne, häzirki ylalaşygyň iň möhüm tapawudy – ýewropalylar Ukraina ýarag ibermelerini ep-esli çaltlandyrmaly bolýarlar, Tramp administrasiýasy heniz täze wada bermeýär. (Muňa garamazdan, Baýden administrasiýasy döwründe wada berlen ibermeler heniz-de dowam edýär)

Ýewropalylar bu boşlugy doldurmak maksady bilen, belli bir derejede, önümçiligi artdyrdy. Düýbi Germaniýada ýerleşýän Kiel instituty Ýewropa Ukraina harby ýardam babatynda, 2022-nji ýylyň iýun aýyndan bäri, ilkinji gezek Birleşen Ştatlardan ozdy – Ýewropa 72 milliard ýewro (83 milliard dollar), Waşington 65 milliard ýewro möçberinde ukraina harby ýardam beripdir.

NATO-nyň artdyrylýan goranyş harajatlary

Ukraina we onuň ýaranlaryny gyzyklandyrýan esasy sorag – eýsem, teklip edilýän mehanizm nä derejede peýdaly bolup biler. Uzak möhletde, ýewropalylar has köp ýarag satyn almaly bolarlar. Olar iýun aýynda Gagada geçirilen NATO sammitinde özleriniň jemi içerki önüminiň 5 göterimini goranyş ulgamyna sarp etmegi wada berdiler. Ukraina iberiljek ýaraglar bu çykdajylaryň esasy bölegi bolar.

ÝB ýurdundan bolan bir diplomat Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen anonim söhbetdeşlikde iýul aýynda gazanylan Waşington ylalaşygynyň “amerikanlary, hususan Ukrainada, umuman Ýewropada prosesiň içinde saklamagyň” iň gowy usuly bolandygyny, sebäbi Birleşen Ştatlaryň Ýewropanyň goranyş harajatlarynyň birden ýokarlanmagyndan bähbit görjekdigini aýtdy.

Ýewropa özüniň goranyş ulgamyna maýa goýmaga isleg bildirýär, ýöne bu wagt alar. Ýewropaly liderler, iň bolmanda, gysga möhletde amerikan ýaraglaryny satyn almagy makul hasaplaýarlar.

“Ýa şeýle bolar, ýa-da Ukraina ýaragsyz galar” diýip, açyk çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, anonim şertlerde söhbetdeş bolan bir NATO resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Meniň pikirimçe ýewropalylar hem munuň, ol ýa-da beýleki görnüşde, hökman bolmalydygy barasynda agyr hakykata göz ýetirip başladylar” diýip, ol aýtdy.

21-nji iýulda NATO-nyň ähli agzalaryndan hem-de agza bolmadyk birnäçe hyzmatdaşlaryndan ybarat bolan 50 ýurduň ýaranlygy, Ukraina boýunça Goranyş aragatnaşyk topary, Waşington ylalaşygynyň yglan edilmeginden bäri, ilkinji gezek wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.

Günbatar ýaraglarynyň Ukraina iberilmeginde möhüm utgaşdyryjy bolan toparyň duşuşygynda ýedi çemesi ýurt Ukraina üçin amerikan ýaraglaryny satyn alyp bermäge gyzyklanma bildirdi. Ol ýurtlaryň arasynda Kanada, Belgiýa, Germaniýa, Gollandiýa we Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi bar.

Gollandiýa 5-nji awgustda täze shemanyň çäginde doly bukjany maliýeleşdiren ilkinji NATO ýurdy boldy. Ol Ukraina üçin 500 million ABŞ dollaryna barabar amerikan ýaraglaryny, şol sanda Patriot raketa ulgamlarynyň böleklerini öz içine alýan harby ýardam bukjasyny yglan etdi.

“Niderlandlar amerikan ammarlaryndan harby enjam bilen üpjün etmekde öňde barýar” diýip, Gollandiýanyň goranmak ministri Ruben Brekelmans aýtdy.

“Ukrainany aýgytly goldamak bilen, biz Russiýa gepleşer ýaly, oňa basyşy artdyrýarys” diýip, ol belledi.

Ramşteýn topary hem diýlip bilinýän Kontakt topary Ukrainadan onuň özüne zerur bolan zatlar, hususan-da howa goranyş ulgamlary we ok-däri üpjünçiligi boýunça sanawa garaşýar. Öz gezeginde, NATO, satyn almak üçin, şeýle harby enjamlaryň bahasyny çaklaýar. Ramşteýn topary güýz aýlarynda gaýtadan duşuşanda has aýdyň jikme-jiklige garaşylýar, belki-de olar ilkinji gezek Ukrainada duşuşarlar.

Esasy sorag – harby enjamlar nä derejede çalt Ukraina eltilip bilner. Ýewropa ýurtlary şu ýyl 2 million sany 155 millimetrlik artilleriýa oklaryny üpjün etmekçi bolýar, şeýle-de Ukrainanyň Günbataryň maliýe ýardamlary esasynda ýerli önümçilige başlamagy bilen, amerikan eksportlary bilen bagly boşlugyň öwezini dolup bolar.

“Patriotlara” talap bar

Howa goranyş ulgamlary eýýäm başga gürrüň. Bu babatda Ukraina heniz-de amerikan ýaraglaryna, aýratyn-da, “Patriot” howa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryna mätäç bolup durýar.

“Patriot” raketa goranyş ulgamlarynyň ýewropa alternatiwi, Fransiýa we Italiýa tarapyndan bilelikde öndürilýän SAMP-T howa goranyş ulgamy Kiýewe berildi. Rim ýaňy-ýakynda üçünji batareýanyň güýzde iberiljekdigini yglan etdi. Ýöne NATO diplomatlaryna görä, zerur bolan raketa tutujylary öndürmek we tutuş gurnama işi “Patriotlar” bilen deňeşdirilende köp wagt alýar. Üstesine, Kiýew ýewropa ulgamlarynyň netijeliligini sorag astyna alýar.

Tramp we Rutte 14-nji iýulda ylalaşygy yglan edip, žurnalistler bilen duşuşanda, ABŞ prezidenti Ukraina üçin 17 “Patriot” ulgamynyň satyn almaga taýýar ediljekdigini aýtdy.

Germaniýa geçen hepde ýakyna wagtda iki batareýany Ukraina iberjekdigini yglan etdi, ýöne beýleki ulgamlaryň nirelerden üpjün ediljekdigi aýdyň däl. Häzirki wagtda alty sany ýewropa ýurdy – Germaniýa, Gresiýa, Gollandiýa, Polşa, Rumyniýa we Ispaniýa “Patriot” ulgamlaryndan peýdalanýar, ýöne olar öz batareýalaryny Ukraina bilen paýlaşsalar, olaryň öz howa giňişlikleriniň goragsyz galmagyndan howatyr edilýär.

“Patriot” ulgamlarynyň iki esasy öndürijisi bolan “Lockheed Martin” we “Raytheon” ýewropalylaryň bildirýän talaplaryny kanagatlandyrmak üçin, önümçiligi artdyrdylar. Ýöne yzygiderli rus hüjümleri astynda galýan Ukraina bu ýakynda munuň hözirini bilmez.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG