Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ymamyň mazarlary daş bilen örtmezlik talaby jemgyýetde gapma-garşylyk döredýär


Nohur obasyndaky gonamcylyk
Nohur obasyndaky gonamcylyk

Türkmenistanda diňe dirilere däl, ýogalan adamlara edilýän hormat-sylagdaky tapawudyň hem ulalmagy, täsirli adamlaryň garyndaşlarynyň has artyk, wezipesiz adamlaryň akylyna sygmajak çykdajylar bilen hatyralanmagy, ýönekeý raýatlara gezek gelende bolsa “sadalygyň” talap edilmegi jemgyýetde gapma-garşylyk döredýär diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Azatlyk mundan öň wezipeli mollalarynyň ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket şäheriniň alkymynda ýerleşýän gonamçylykda mazar daşlaryna garşy başlan ‘söweşleriniň’ döreden gapma-garşylyklary barada habar berip, görnüşinden, ilatyň gonamçylyk däpleriniň ‘öz gününe goýulmagyna’ sebäp bolupdy.

1-nji awgustda Lebap welaýatynyň baş metjidinde gonamçylyklardaky mazarlar üstünde turan täze dawa wezipeli mollalaryň öz pikirlerinde ‘berk durýandygyny’ yşarat edýär.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlaryň aýtmaklaryna görä, şol gün okalan juma namazyndan soň ymam bilen jemagat arasynda ýüze çykan çekeleşik jemgyýetde “uly seslenme döretdi” we mazar gurluşygy, gonamçylyk däplerini ‘düzetmek’ meselesiniň adamlary biparh goýup bilmejekdigini görkezdi.


Juma namazynda çykyş eden ymam jaýlanan adamlaryň mazarlarynyň ýüzüni daş ýa-da kerpiç bilen örtmegiň yslam dinine laýyk gelmeýändigini aýdyp, jemagaty bu “endikden” ýüz öwürmäge çagyrypdyr.

“Ölen adam ýere siňmeli. Mazaryň ýüzüni daş bilen örtmek ýa-da at-familiýa ýazmak - bu kapyrlaryň işi. Bu pygamberiň sünnetine garşy gelýär” diýip, ymam aýdypdyr.

Çärjewli çeşme ymamyň sözleriniň bada-bat garşylyk bilen garşylanandygyny aýdýar.

“Namaz tamamlanandan soň, metjitde gyzgalaňly çekişme döredi. Adamlar ymamyň pozisiýasyny sorag astyna alyp, mazar gurluşlarynyň diňe dini mesele däl, jemgyýetiň howpsuzlygy, medeni däp-dessurlar bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.”

Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, gonamçylyklardaky şagal howpy soňky ýyllarda ulalmasa, kiçelmeýär. Häzirki şertlerde mazarlaryň daş bilen örtülmezligi jesetleriň bimaza edilmegine getirip biler, şu sebäpden olaryň fiziki goragy zerurlyk bolup durýar.

“Şagallar mazary gazyp, jaýlanan jesediň süňklerini çykaryp dargadýarlar. Mazaryň daş bilen örtülmegi diňe däp däl, eýsem zerurlyk” diýip, bu aýdylýany habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy hem tassyklady.

Namaza baran adamlar Eýran, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlarda hem musulmanlaryň mazarlarynyň ýüzüniň daş bilen örtülýändigini, at-familiýanyň ýazylýandygyny, emma ol ýurtlarda munuň yslam dininden çykmak hasaplanylmaýandygyny aýtdylar.

Dawa, çärjewli bir ýaşulynyň getiren delili bilen, syýasy çekişmä ýazmak ähtimallygyny döretdi diýip, çeşme aýtdy.


“Türkmenbaşynyň mazary, Arkadagyň aradan çykan ejesiniň we kakasynyň mazarlary daş bilen örtülendir. Hatda ýörite mawzoleýde hem ýerleşdirilipdir. Onda bu-da pygamberiň ýolundan çykmakmy? Ýa bu nädip pygamberiň ýolundan çykmak däl?” diýip, çärjewli ýaşuly ymamdan sorady.

Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, bu sorag ymamyň pozisiýasyny “gaty gowşadýar” we ol ýönekeý adamlar bilen döwlet ýolbaşçysynyň ýa onuň hossarlarynyň arasyndaky tapawudy “döwlet derejesindäki aýratynlyk” bilen düşündirmäge çalyşýar, “gadymy yslam soltanlarynyň” tejribesine salgylanýar.

“Adamlar bu ‘delili’ kabul etmedi, ‘Olar pygambere hyzmat eden adamlar däl. Döwlet ýolbaşçylarynyň maşgalasyny soltan bilen deňeşdirmek dogry däl’ diýip, bir ýaşuly ymama garşylyk bildirdi” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen dindarlaryň aýtmaklaryna görä, yslam dininde mazar gurluşy barada dürli garaýyşlar bar. Käbir sünni akymlary mazaryň daş bilen örtülmegine kän üns bermeýär, ýöne bu gadagan diýip hem hasaplamaýarlar, şaýy we beýleki mezhepler mazar gurluşygyny doly goldaýar, musulman ýurtlarynyň aglabasynda mazarlaryň ýüzüniň daş bilen örtülmegi, bellik goýulmagy... adaty ýagdaý diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.

Türkmenistanda bu mesele jemgyýetiň medeniýeti bilen berk bagly bolup, mazaryň ýüzüni örtmek, onuň daşyna ýazgy goýmak diňe bir dini däl, eýsem merhumlara hormat görkezmegiň alamaty hökmünde görülýär diýip, bir raýat ilatyň bu meseläni öz pikir-garaýyşlary esasynda çözýändigini, döwletden aýlyk alýan mollalaryň bu zatlara gatyşmagyny dogry hasaplamaýandygyny aýtdy.


Ýerli synçylaryň biri täsirli adamlaryň garyndaşlaryna ýörite mawzoleýler gurlup, olaryň mazarlary bezelse, adaty raýatlardan bolsa “sadalyk” talap edilse, bu jemgyýetdäki gapma-garşylyklaryň barha güýçlenmegine sebäp bolup biler.

Maglumat üçin aýdylsa, Azatlyk 2017-nji ýylda wezipeli mollalarynyň ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket şäheriniň alkymynda ýerleşýän gonamçylykda mazar daşlaryna garşy başlan ‘söweşleriniň’ döreden gapma-garşylyklary barada habar berip, ýüzi suratly mazar daşlaryny aýyrmak barada edilýän talabyň bes edilmegine sebäp boldy.

Ýurt ýapyklygy, galyberse, türkmen häkimiýetleriniň žurnalistleriň soraglaryna jogap bermegi zerur hasaplamazlygy netijesinde, Azatlyk bu meseleler barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Forum

XS
SM
MD
LG